Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ÝUNESKO-nyň Almatydaky sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, 10-njy aprelde geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň ýurduň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygy nygtaldy.
Söhbetdeşler medeni dialogy ösdürmäge, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ileri tutulýan iş ugurlarynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berdiler.
Taraplar ozaldan teklip edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde amaly taýdan ilerletmegiň çemeleşmelerini ylalaşdylar. Şunda taslamalaryň milli we sebit derejelerinde netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde ÝUNESKO-nyň Almatydaky sebitleýin edarasynyň utgaşdyryjy ornuny aýratyn nygtadylar.