«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde haryt dolanyşygynyň möçberleri yzygiderli artýar. Onda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda goňşy Özbegistan Respublikasynyň 60 müňe golaý raýatlary tarapyndan amala aşyrylan söwdanyň netijesinde umumy möçberi 1 700 tonnadan gowrak bolan harytlar ýurdumyzdan eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, garalýan döwürde söwda merkezi arkaly özbek tarapy ýurdumyza umumy möçberi 250 tonnadan gowrak bolan harytlary eksport etdi.
Söwda merkezinde ýurdumyzda öndürilen alkogolsyz içgilere, konditer önümlerine, ter pomidora, ýuwujy serişdelere, dokma önümlere hem-de halkyň sarp edýän beýleki harytlaryna has köp isleg bildirilýär. Ýurdumyza bolsa, esasan, Özbegistanda öndürilen hojalyk harytlary, gury ir-iýmişler we dokma önümleri getirilýär.
«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi 2025-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizildi. Onuň üsti bilen amala aşyrylýan söwda dolanyşygy ähli gümrük paçlaryndan we beýleki töleglerden boşadylan» diýlip, habarda aýdylýar.