Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 14-nji aprelde Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde öz işine başlan Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň barşynda agzalan ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we sebit taslamasynyň çäklerinde serhetleri dolandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek hem-de serhetleri dolandyrmakda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Mundan başga-da, 14-nji aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde ýerleşýän Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş merkeziniň (ICMPD) baş müdiri Sýuzan Raab bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar migrasiýa we serhet howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak, migrasiýa ulgamlaryny sanlaşdyrmak we migrasiýa syýasatyny ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.