Aşgabatda «Suw durnukly ösüş üçin, 2018 – 2028-nji ýyllar» atly Hereketleriň halkara onýyllygynyň çäginde geçiriljek dördünji halkara ýokary derejeli maslahata bagyşlanan brifing geçirildi. Forum 2026-njy ýylyň 25-28-nji maýy aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo Alibek diplomatik wekilhanalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini forumyň şertleri we görnüşleri bilen tanyşdyryp, taraplary işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Dördünji Duşenbe maslahatynyň esasy wezipesi köpçülikleýin tagallalary işjeňleşdirmek üçin ählumumy platforma döretmekdir. Gatnaşyjylar BMG-niň Suw meýilnamasynda kesgitlenen borçnamalary ýerine ýetirmäge we 2030-njy ýyla çenli meýilnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin innowasion çözgütleri tapmaga üns bererler.