Türkmenistan we Hytaý dürli ykdysady pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Söwda-senagat edarasynda 29-njy aprelde Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Forumyň «Hyzmatdaşlyk, ynam, ösüş: türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze tapgyry» ady bilen geçirilen plenar mejlisinde çykyş edenler döwletara gatnaşyklaryň ykdysady görkezijileri, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Iki ýurduň durnukly ösüşi, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga gönükdirýän iri maýa goýumlary haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport ugurly harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda giň mümkinçilikleri açýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäklerinde hytaý maýasynyň gatnaşmagynda bilelikdäki iri taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.

Mejlisiň dowamynda öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, internet hyzmatlarynyň göwrümini giňeltmäge we hilini ýokarlandyrmaga, görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen başlangyçlar beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, hytaý kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge, sebit ähmiýetli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Forumyň dowamynda ykdysadyýetiň, maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikde işlemek üçin anyk ugurlar kesgitlenildi.