Pekinde «Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dostluk, pes uglerodly saglyk we ýaşlyk ruhy» welosiped ýörişi geçirildi
30 Aprel 2026
Pekinde «Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dostluk, pes uglerodly saglyk we ýaşlyk ruhy» welosiped ýörişi geçirildi

Pekinde 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň diplomatlarynyň, türkmen we hytaý ýaşlarynyň gatnaşmagynda dabaraly welosiped ýörişi geçirildi.

Çäre «Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dostluk, pes uglerodly saglyk we ýaşlyk ruhy» şygary astynda geçirildi.

Welosiped ýolunyň badalgasy we jemleýji nokady simwoliki ähmiýetli Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň ýerleşýän ýerinde boldy. Ýaşlar guramalaryndan ybarat gatnaşyjy toparlar «Dongjimen» etrabynyň esasy köçeleriniň ugry boýunça ýörite işlenilip düzülen ugurda hereket etdiler.

Guramaçylar şular ýaly başlangyçlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da baýlaşdyrmaga we Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni-sport alyş-çalşygynyň täze däpleriniň kemala gelmegine ýardam berjegine ynam bildirdiler.