Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollaryna garaldy
30 Aprel 2026
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollaryna garaldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annayew Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda ulag, şeýle hem üstaşyr geçirmek, logistika, sanly ösüş we telekommunikasiýa ugurlarynda häzirki ýagdaý we geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň amatly geografik ýerleşişiniň we sebitde artýan üstaşyr geçirmek mümkinçiliginiň ulag geçelgelerini giňeltmek üçin möhüm şertleri döredýändigi bellenildi.

Şeýle hem bilelikdäki hökümetara toparyň işleriniň çarçuwasynda sanly ösüş, telekommunikasiýa infrastrukturyny kämilleşdirmek, ulag-logistika we üstaşyr geçirmek babatda gatnaşyklary berkitmek boýunça täze mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň we doganlyk gatnaşyklaryň, esasan hem, agzalan ugurlarda amaly hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirildi.