Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň bilermenleri Aşgabatda gymmatly kagyzlar bazarynyň işleýşiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar
01 Maý 2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň bilermenleri Aşgabatda gymmatly kagyzlar bazarynyň işleýşiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar

Aşgabatda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabadyň gazna biržasynyň hünärmenleri üçin seminar geçirildi. Seminar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralyp, ýurduň maliýe bazaryny ösdürmäge gönükdirildi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasynyň web sahypasynda habar berildi.

Seminaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň bilermenleri gatnaşyjylara gymmatly kagyzlar bazarynyň işleýşiniň esasy ugurlaryny, hususan-da, maýa goýujylaryň hem-de gymmatly kagyzlary çykarýan kompaniýalaryň hukuklaryny goramagyň halkara tejribesi; gymmatly kagyzlar bazarynda maýa goýum işiniň halkara tejribesi, şeýle hem onuň ösüşinde halkara ülňüleriň orny ýaly meseleleri tanyşdyrdylar.

Çäre açyk pikir alyşmalar üçin meýdança boldy, onuň dowamynda Aşgabadyň gazna biržasynyň işiniň dürli ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.