Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar
05 Maý 2026
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerine 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Resminama 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlary göz öňünde tutulyp gol çekildi.