Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 8-nji maýda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi boldy. Maslahatyň dowamynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda, aýratyn-da Balkan welaýatynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bugdaý meýdanlaryna ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär: gallaçy kärendeçileriň yhlasy bilen ýetişdirilen bol hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli çäreler amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde, gowaça meýdanlarynda bejergi we iýmitlendirmek işleri, şeýle hem ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek we ýüpekçilik işleri dowam edýär.
Balkan welaýatynda hem ak ekinlere ideg işleri we galla oragyna taýýarlyk barha batly gadamlar bilen alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda we beýleki ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda suw tutmak, ýekelemek we otag etmek işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Şeýle-de, ilaty ýerli gök-bakja we ýeralma önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda işleriň gerimi giňeldilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak üçin ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.