Daşary ýurtlaryň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutladylar
09 Maý 2026
Daşary ýurtlaryň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 81 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtly kärdeşlerinden we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan birnäçe gutlag hatlaryny aldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri öz hatlarynda bu beýik baýram biziň doganlyk halklarymyzyň synmaz erkiniň, deňi-taýy bolmadyk edermenliginiň, parahatçylyk we azatlyk ugrunda gahrymançylykly göreşiň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň aýdyň nyşanydyr diýip bellediler.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowy GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobitskiý, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew gutladylar.