Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisini işe girizdi
09 Maý 2026
Türkmenistanyň Prezidenti täze «Gadamly» gury ýük gämisini işe girizdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Türkmenbaşy şäherindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

«Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny aýratyn bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda täze demir we awtoulag ýollaryny, döwrebap Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny öz içine alýan kuwwatly ulag-logistika ulgamy döredildi», - diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» gämisiniň gury ýükleri daşamaga niýetlenendigini, onuň ýük göterijiliginiň 6 müň 100 tonnadygyny, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gäminiň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydygyny belledi. Gämigurluşyk taslamasyny amala aşyrmakda türkmen hünärmenleri koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde netijeli iş alyp bardylar.

Döwlet Baştutanymyz «Gadamly» ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işgärlerine, hünärmenlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.

Soňra taryhy ähmiýetli wakanyň hormatyna guralan dabara gatnaşýan Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology» kompaniýasynyň prezidenti Çhwe Ýon Uka söz berildi.

Nygtalyşy ýaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gury ýük gämisiniň gurulmagy bilelikdäki tagallalaryň aýdyň netijesidir. Munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň esasy düzümleriniň biri bolan kärhananyň halkara ähmiýetli ýükleri daşamaga ukyply döwrebap ýük gämilerini gurmak mümkinçiligine eýe bolandygyny alamatlandyrýar.

Soňra Çhwe Ýon Uk «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hem-de täze gurlan gäminiň ýokary inženerçilik çözgütleri we gurnama işleri üçin berlen halkara güwänamalary gowşurdy.

Soňra gäminiň kapitany hormatly Prezidentimizden «Gadamly» ýük gämisini işe girizmäge ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi. Gäminiň kapitany Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen ýörite düwmäni basýar. Şeýlelikde, gäminiň baş hereketlendirijisi işjeň ýagdaýa geçýär. Gäminiň zogunyň çalynmagy bilen deňizçilik ulgamynyň asylly däbi berjaý edilýär. Bu bolsa asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ýerine ýetirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.