Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 8-nji maýda hökümetiň göçme mejlisinde haryt bolçulygyny üpjün etmek, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini artdyrmak boýunça Balkan welaýatynyň söwda ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, welaýatyň etraplarynda we şäherlerinde döwrebap söwda merkezleri, bazarlar, dükanlar halka hyzmat edip, sarp ediş harytlarynyň bolçulygyny, bahalaryň durnukly derejesini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Söwda-senagat edarasynyň garamagynda bolan Balkan welaýatyndaky kärhanalar daşary söwda işine gatnaşyjylara ýardam bermek, bu ugurdaky hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça işleri amala aşyrýarlar. Welaýatda hususy ulgama degişli maýa goýum taslamalarynyň ençemesiniň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda Balkan welaýatynda içerki bazaryň azyk we beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň, önümçilikleri netijeli ulanyp, öndürilýän önümleriň hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere hususy önüm öndürijileriň önümçilikleriniň doly kuwwatynda işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.