Balkan welaýatynda gurluşyk we senagat toplumlarynyň ösüşi täze belentliklere çykarylýar
09 Maý 2026
Balkan welaýatynda gurluşyk we senagat toplumlarynyň ösüşi täze belentliklere çykarylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşi, gurluşyk we senagat pudaklarynda bitirilen işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda sebitde iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 260-dan gowragynyň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Welaýatyň çägindäki gurluşyk meýdançalary ýurdumyzyň özünde öndürilýän ýokary hilli sement we beýleki gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün edilýär. Şonuň bilen birlikde, Energetika ministrligi tarapyndan sebitiň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, meýilnamalaýyn abatlaýyş we täze energetika desgalarynyň gurluşyk işleri ýerine ýetirilýär. Awtomobil ýollary ulgamynda bolsa köprüleriň we ýollaryň durky täzelenýär, aýratyn-da Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Himiýa senagatynda hem uly üstünlikler gazanylýar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky kärhanalary oba hojalykçylary karbamid döküni bilen, içerki bazary bolsa tehniki ýod bilen üpjün edýärler. Sebitiň eksport kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem Guwlymaýak şäherçesinde täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra girdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň senagat kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmeginiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Balkan welaýatynda açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk hiliniň ýokary bolmagyny we olaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.