Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy açylar
09 Maý 2026
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy açylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak bellenildi hem-de şu institutyň gurluşy tassyklanyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Daşary işler ministrligine Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara gatnaşyklary institutynyň 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap taýýarlygyň Parahatçylyk we bitaraplyk ugry boýunça magistr okuw meýilnamalaryny halkara ölçeglere laýyklykda bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamaga bermek, şeýle hem Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.