Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň wekili bilen energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
13 Maý 2026
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň wekili bilen energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji maýda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşyk geçirdi. Myhman Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagynda bu saparyň ähmiýetini belläp, myhmana we Malaýziýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag we energetika ýaly strategik pudaklarda gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Duşuşykda ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berildi. Milli Liderimiz «PETRONAS» kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ygtybarly hyzmatdaşdygyny belledi. Şeýle hem ýakynda boljak Malaýziýanyň Premýer-ministriniň saparynyň çäklerinde şanly sene mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň we serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Malaýziýanyň wekili, öz gezeginde, döredilýän şertler üçin minnetdarlyk bildirip, kompaniýanyň ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek taslamalaryna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda hyzmatdaşlygy diňe bir çykaryjy däl, eýsem gazhimiýa senagatyndaky täze taslamalar bilen hem giňeltmegiň ähmiýetini nygtady.

Saparyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Mundan başga-da, geljekde Önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Taraplar bilim we ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklary, şol sanda türkmen talyplarynyň Malaýziýada bilim almagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda sanly tehnologiýalar, energiýa tygşytlaýjy ulgamlar we ekologiýa howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.