Kazanda Gahryman Arkadagymyz bilen Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda gepleşikler geçirildi
14 Maý 2026
Kazanda Gahryman Arkadagymyz bilen Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji maýda Kazan şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlardyr duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge itergi berýär.

Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy hem-de Kazanyň şu ýylda “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň şeýle forumlara işjeň gatnaşýandygyny, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň nobatdaky foruma milli pawilýony bilen gatnaşmagynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.

Şeýle hem sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň IT merkezi hökmünde Tatarystanyň tejribesine ýurdumyzda uly gyzyklanma bildirilýändigini we tehnoparklar, ykdysadyýete sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi.

Milli Liderimiz bilim edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtap, «Tatar gyzy — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny Aşgabatda geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň teklibini goldaýandygyny aýtdy.