Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-da geçirilen “Open World” maksatnamasyna gatnaşdylar
22 Maý 2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-da geçirilen “Open World” maksatnamasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda Waşingtonda we Montana ştatynyň Helena şäherinde 2026-njy ýylyň 12-22-nji maýy aralygynda ABŞ-nyň «Open World» maksatnamasynyň hünär alyş-çalyş okuw saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklara we çärelere gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň maksatnamasy döwlet dolandyryşy, parlament ulgamy, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly ugurlary öz içine aldy.

Bu ýerde geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda amerikan federalizmi we ABŞ-nyň Kongresiniň işjeňlik ulgamynyň aýratynlyklary barada durlup geçildi. «Capital Communications Group, Inc» korporasiýasynyň prezidenti Akram Elias wekiliýet agzalaryny kanunçykaryjylyk ulgamynyň gurluşy we onuň amaly işleri bilen tanyşdyrdy.

Türkmen wekiliýeti Lora Kennedi bilen hem duşuşyk geçirdi. Ol 2001 – 2003-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesinde işlän döwründe ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp baran işleri boýunça tejribesi bilen paýlaşdy. Ol iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça geljegi uly ugurlaryň bardygyny nygtady.