Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 22-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, iýun aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň, aýdym-sazly medeni çäreleriň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, birnäçe halkara maslahatlar we olimpiadalar, sergiler geçiriler.
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.