Türkmenistanda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara sergi we maslahat öz işine başlady
24 Maý 2026
Türkmenistanda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV halkara sergi we maslahat öz işine başlady

Paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat dabaraly ýagdaýda açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran şähergurluşyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ak mermerli paýtagtymyzyň dünýä giňişligindäki abraýy barha belende göterilýär. Döwrebap binalaryň we halkara ülňülere laýyk gelýän desgalaryň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi Aşgabadyň gözelliginiň dünýäde ykrar edilýändigini subut edýär.

Çäre asylly däbe görä, Söwda-senagat edarasynyň öňündäki baýramçylyk meýdançasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly, tansly çykyşlary bilen başlandy. Forumyň açylyşyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, diplomatlar, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň başynda ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen baýramçylyk Gutlagyny uly buýsanç we üns bilen diňlediler.

Eýýäm forumyň çäginde 25 ýyldan bäri yzygiderli guralyp gelinýän sergi şähergurluşygyň innowasion taslamalaryny, jemgyýetçilik-ykdysady we medeni-ylmy üstünlikleri tanyşdyrmakda iň esasy halkara meýdançalaryň biridir. Şu ýyl bu halkara forumyň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaralary bilen utgaşmagy onuň taryhy ähmiýetini has-da artdyrýar. Gatnaşyjylaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy bolsa daşary ýurtly maýadarlaryň döwletimizde döredilen oňyn maýa goýum gurşawyna we geljegi uly taslamalara bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygyny görkezýär.

Köpugurly serginiň ekspozisiýalarynda döwlet we hususy düzümleriň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň gazananlary giňden görkezilýär. Aşgabat şäher häkimliginiň, şeýle-de gurluşyk-senagat toplumynyň pudaklaýyn edaralarynyň diwarlyklarynda elektroenergetika, gurluşyk serişdeleri, himiýa senagaty ýaly ugurlarda gazanylan üstünlikler beýan edilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk taslamalaryny ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün etmekde uly paýy bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik kuwwatyna hem sergide aýratyn orun berlipdir.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde Türkiýe, Fransiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Hytaý, Eýran, Ukraina we Koreýa Republikasy ýaly döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalary hem-de üpjün edijileri öz taslamalary bilen sergä işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşlary bolan «Çalik Enerji», «Gap Inşaat», «Rönesans», «Buig» we «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» ýaly dünýä belli kompaniýalar täze gurluşyk taslamalaryny, ýerasty inženerçilik ulgamlaryny we gaýtadan işleýän senagat pudagyny ösdürmek boýunça tekliplerini hödürleýärler. Umuman, bu halkara çäre döwlet edaralarynyň, innowasion önümçilik wekilleriniň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda täze özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga amatly şertleri döredýär.