Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri «ýaşyl» ykdysadyýet boýunça okuwlary geçdiler
26 Maý 2026
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri «ýaşyl» ykdysadyýet boýunça okuwlary geçdiler

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillerine maý aýynyň 19-22-si aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň bilermenleri tarapyndan «ýaşyl» ykdysadyýet we sebitiň durnukly ösüşi boýunça okuw maslahatlaryny geçdiler. Bu barada akademiýanyň metbugat gullugy habar berdi.

Gysga möhletli hünär ösüşi maksatnamasy dolandyryş we durnukly ösüş ugurlarynda döwlet işgärleriniň bilim isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Bu okuwlara akademiýanyň talyplary we mugallymlary gatnaşýarlar.

Okuw maksatnamasy strategiki meýilnamalaşdyryş, global tendensiýalar we durnukly territorial ösüş üçin strategiki ileri tutulýan ugurlar, durnukly ösüş we "ýaşyl" ykdysadyýet ýörelgelerini dolandyryş işlerine birleşdirmek, "ýaşyl" taslamalaryň we sebitleýin hökümet maksatnamalarynyň netijeliligini bahalandyrmak boýunça leksiýalary öz içine alýar.

Türkmen akademiýasynyň wekilleri şular ýaly halkara bilim taslamalarynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we sanlylaşdyrmak şertlerinde döwlet işgärleri üçin okuw ulgamyny kämilleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.