27-nji maýda Waşington şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ABŞ-nyň işewür toparlary bilen gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem taraplar ABŞ – Türkmenistan işewürler geňeşiniň wekiliýetiniň Türkmenistana boljak saparyna, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.