Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreler geçirildi
01 Iýun 2026
Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreler geçirildi

Aşgabatda 31-nji maýda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat sergi ýaýbaňlandyryldy.

Sergide «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň we hususy halyçylaryň dokan ajaýyp halylarydyr haly önümleri görkezildi. Şolaryň hatarynda nusgawy gölli, dürli şekilli halylar, güberçekli halylar bar. Olaryň arasynda gadymy türkmen halylarynyň gaýtadan dikeldilen nusgalary esasynda döredilen täze görnüşleriniň bardygyny hem bellemek gerek.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar türkmen halylarynyň gaýtalanmajak keşbi we çitimleriniň özboluşlylygy bilen haýran galdyrýandygyny, halyçylyk medeniýetiniň inçe aýratynlyklarynyň, gadymy däpleriniň hut şu halylaryň nagyşlarynda görünýändigini bellediler we Türkmenistanyň bu sungaty gorap saklamak boýunça edýän tagallalarynyň bütin dünýä nusgalykdygyny nygtadylar.