Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi
01 Iýun 2026
Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalynda (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny ulanmak mümkinçiligi döredildi. 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap güýje giren bu täzelik arkaly eksport we import edilýän harytlaryň Daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça kodlaryny awtomatik usulda kesgitlemek ýola goýuldy. Mundan başga-da, ulgamyň ulanyjylary harytlar üçin zerur bolan rugsat beriş resminamalary we gümrük paçlarynyň möçberleri baradaky maglumatlary deslapdan alyp bilýärler. Bu barada gullugyň metbugat bölümi habar berdi.

Bu döwrebap taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD) bilen bilelikde durmuşa geçirildi. Taraplaryň arasyndaky «Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «Akylly» gümrügi döretmek» baradaky ylalaşygyň esasynda taýýarlanan täze ulgam göni iş tertibinde ýola goýuldy. Portalda hereket edýän emeli aň hyzmatlary türkmen, rus we iňlis dillerinde bökdençsiz işleýär.

Täze emeli aň tehnologiýasynyň gümrük amallaryna ornaşdyrylmagy harytlary toparlara bölmek işini düýpli ýeňilleşdirer. Bu bolsa gümrük taýdan resmileşdirmegiň möhletlerini gysgaltmaga, daşary söwdanyň hasabatlaryny we statistikasyny has takyk ýöretmäge hem-de gümrük tölegleriniň dogry hasaplanmagyna şert döreder. Sanly gümrük hyzmatlarynyň gerimini giňeldýän bu ädim ýurtda daşary ykdysady işe gatnaşyjylara döwrebap maglumat goldawyny bermäge we pudagy sanlylaşdyrmak boýunça özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.