Çagalary goramagyň halkara güninde Türkmebaşy şäheri möhüm ekologik başlangyjyň meýdançasyna öwrüldi. Bu ýerde deňiz hapalaryna we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Çäräni Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, «Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde gurnadylar.
Oňa ekologiýany goramak bilen meşgullanýan ýaşlar, welaýat we şäher häkimlikleriniň, şeýle hem ýerli jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.
Ýaş gatnaşyjylar galyndylary dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler we serişdeleri jogapkärçilkli sarp etmegiň ýörelgeleri bilen tanyşdyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň sebitleýin başlangyjy bolan «Howa gutusy» atly maksatnamasynyň materiallary bilen tanyşdyrmak okuw maslahatynyň möhüm bölegi boldy.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Turkmenistanyň tbigy goraglylygy barada höweslendiriji wideo şekillere tomaşa etdiler, meýletinçilik işiň gerimini giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.