Geçen hepdäniň habarlar syny - Ýurduň ösüş ugurlary we halkara hyzmatdaşlyk
08 Iýun 2026
Geçen hepdäniň habarlar syny - Ýurduň ösüş ugurlary we halkara hyzmatdaşlyk
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, oba hojalygyndaky möwsümleýin işleriň gidişine seretdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ussat pileçilerini Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak ýokary hilli pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen gutlady. Şeýle hem hepde içinde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragy möwsümine dabaraly badalga berildi. Bu barada «Türkmenistan Bu gün» döwlet habarlar agentligi maglumat berdi. 1-nji iýunda ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle-de çagalar sagaldyş merkezlerinde guralan dabaralarda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Prezidentimiziň adyndan çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. 3-nji iýunda bolsa paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň bäş aýda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seretdi. Mundan başga-da, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýylyň ilkinji bäş aýynyň jemleri jemlenildi we hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim ýokarlanandygy habar berildi. Prezidentimiziň Karary bilen 2026 — 2030-njy ýyllar üçin temmäkiden azat ýurt baradaky we Milli tokaý maksatnamalary tassyklanyldy. Hepde içinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça wajyp duşuşyklar boldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Şunuň bilen birlikde, Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisi we Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty guraldy. Medeniýet we ylym ulgamynda hem birnäçe çäreler durmuşa geçirildi. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri üstünlikli guraldy. Söwda-senagat edarasynda bolsa “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka hem-de Oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.