Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygy bellenildi
09 Iýun 2026
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygy açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň ýadro synaglarynyň geçirilmegini gadagan edýän berk halkara kadany emele getirendigini, döwletleriň arasynda ynam ýagdaýyny pugtalandyrandygyny hem-de ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşandygyny belledi.
Mähri Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy we ynamy berkitmäge gönükdirilen halkara tagallalaryny yzygiderli goldaýandygyny, şeýle hem ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak ulgamyndaky başlangyçlary ilerletmegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady.
Öz gezeginde, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd Türkmenistanyň parahatçylyk, howpsuzlyk we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Çäräniň dowamynda Şertnamanyň maksatlaryny we ýörelgelerini mundan beýläk-de ilerletmek, ýaragsyzlanmak ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, şeýle hem Şertnamanyň mümkin boldugyça tiz güýje girmeginiň möhümdigi baradaky halkara jemgyýetçiliginiň habarlylygyny ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Taraplar ählumumy we sebit derejelerinde durnukly parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
şeýle hem okaň: