Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýuça birnäçe resminamalara gol çekdi
13 Iýun 2026
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýuça birnäçe resminamalara gol çekdi

12-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de onuň bilen sarp edijileri ygtybarly üpjün etmek, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, olaryň gerimini giňeltmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şunda Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminamalara gol çekip, Türkmenistanň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.