Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini gowşurdy
23 Iýun 2026
Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini gowşurdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Ilham Aliýew 22-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagy mynasybetli dabara gatnaşdylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Ilki bilen, bu ýerde döwlet Baştutanlaryna “Dostluk” nebit tankeri barada giňişleýin maglumat berildi.

Soňra Azerbaýjanyň wekili döwlet Baştutanlaryndan gämini işe girizmäge ak pagta bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew degişli düwmä basanlaryndan soň monitor arkaly tankeriň ýüzüşe goýberilişi görkezildi. Prezident Ilham Aliýew dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza tankeriň degişli şahadatnamasyny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz dostlugyň nyşany hökmünde Türkmenistana sowgat berlen “Dostluk” nebit tankeri üçin minnetdarlyk bildirip, bu döwrebap gäminiň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň mysaly hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjana döwlet sapary dowam edýär.