Tokioda Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
26 Iýun 2026
Tokioda Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Tokioda Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda 2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo "Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna" atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Dabarada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow, Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Eri Arfiýa we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň täze başlygy Şinpeý Matsuşita gutlag sözlerini aýtdylar. Olar öz çykyşlarynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we Toşiaki Endonyň iki ýurduň arasyndaky döwletara we parlamentara hyzmatdaşlygyň ösüşine goşan uly goşandyny bellediler.

Soňra Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Baýramow Toşiaki Endo "Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna" ýadygärlik medalyny, ýadygärlik kümüş nyşanyny we degişli şahadatnamany gowşurdy.

Sylaglamak dabarasyndan soň Toşiaki Endo söz sözläp, öz işine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň Hökümetine, ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mundan beýläk-de tagallalary etjekdigini tassyklady.