Türkmenistan we Gazagystan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýärler
26 Iýun 2026
Türkmenistan we Gazagystan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýärler

Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, gazak tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, nebit-gaz, oba hojalygy, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar.

Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde türkmen-gazak işewürler forumy geçirildi. Oňa iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä Türkmenistandan öňdebaryjy 40-a golaý kompaniýalaryň hem-de Gazagystanyň işewür toparlarynyň we ösüş institutlarynyň 100-den gowrak wekiliniň gatnaşandygy bellenildi.

Forumyň dowamynda gazak tarapy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny hödürledi. Aýratyn-da, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk pudagy, farmasewtika we oba hojalyk önümçiligi ugurlarynda önümleriň üpjünçiligini ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Öz gezeginde türkmen işewürleriniň wekilleri gazak kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Çäräniň çäklerinde birnäçe anyk ylalaşyklar gazanyldy:

— «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkezi» paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi;

— elektron söwda ulgamynda gazagystanly «Silk Way Asia Trade» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketi bilen türkmen kompaniýalary «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti we «Gamma» hususy kärhanasynyň arasynda ylalaşyklar baglaşyldy;

— maýa goýum-gurluşyk pudagynda «Ashra Solutions» TОО bilen «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi.