Türkmenistanda kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar
27 Iýun 2026
Türkmenistanda kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 26-njy iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şeýle-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşyk, Mejlisiň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geçiren iş we okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.