“Air Belgium” Aşgabadyň üsti bilen ýük gatnawlaryny ýola goýar
29 Iýun 2026
“Air Belgium” Aşgabadyň üsti bilen ýük gatnawlaryny ýola goýar

Belgiýanyň “Air Belgium” awiakompaniýasy Aşgabat Halkara howa menzili arkaly ýük gatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar. Ilkinji gatnawlaryň deslapky meýilnama görä awgust aýynyň başynda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Ýük gatnawlaryny ýola goýmak boýunça taýýarlyk meseleleri Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen “Air Belgium” kompaniýasynyň baş direktory Jorj Şaşatiniň arasynda awiakompaniýanyň baş edarasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jorj Şaşati Aşgabat Halkara howa menziliniň logistika we ulag ulgamyndaky ähmiýetini belläp, howa menziliniň ýük gatnawlaryna durnukly, howpsuz we netijeli hyzmat etmek üçin zerur şertlere eýedigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, howa menzilinde ýangyç guýmak we tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek mümkinçilikleri hem bar. Şeýle-de ol Türkmenistan tarapyndan halkara awiakompaniýalaryna we logistika operatorlaryna hödürlenýän şertleriň özüne çekijidigini nygtady.

Türkmen ilçisi öz gezeginde ýurduň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag zynjyrynda durnukly, howpsuz we hyzmatdaşlyga açyk merkez hökmünde ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny aýtdy. Ol awiasiýa logistikasyny ösdürmekligiň halkara ulag arabaglanyşygyny giňeltmek we ýük daşama ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça milli strategiýanyň möhüm bölegidigini hem belledi.