Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 1-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda ministrler döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly dialogyň we özara syýasy erkiň netijesinde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösüşiniň yzygiderli dowam edýändigini bellediler. Diplomatlar ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň gidişini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berdiler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmegiň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge özara taýýarlyk beýan edildi. Sebit we halkara gün tertibine garamak bilen, Daşary işler ministrleri Türkmenistanyň we Gazagystanyň başlangyçlaryny hem-de tekliplerini BMG-niň we beýleki abraýly halkara meýdançalaryň çäklerinde özara goldamak tejribesine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşleriň üns merkezinde şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli iri halkara çärelerine taýýarlyk işleri boldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine geçmek bilen, taraplar ulag-logistika, energetika we senagat ugurlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda däp bolan gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi. Ministrler iki ýurduň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge we ýakynlaşdyrmaga ýardam edýän bilelikdäki medeni çäreleri geçirmek boýunça pikirlerini beýan etdiler.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplaryň köpugurly döwletara dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilendigi tassyklandy.