Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hünärmenleri üçin ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirildi
02 Iýul 2026
Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hünärmenleri üçin ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň edara binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, mazmun döredijiler we döwlet metbugat gulluklarynyň wekilleri üçin BMG-niň Konwensiýasynyň çäginde maýyplyk meselelerini maslahatlaşmak ýörelgelerine bagyşlanan ýöriteleşdirilen hünär okuwy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

Bilermen we hünär okuwy alyp baryjy hökmünde BMG-niň Moldowanyň adam hukuklary boýunça ofisiniň wekili Kseniýa Siminçuk çykyş etdi. Ol öz ýurdunda adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmäni ornaşdyrmak boýunça gymmatly tejribesini paýlaşdy. Bilermen öz çykyşynda islendik başlangyçlaryň we maksatnamalaryň göni maýyp adamlaryň özleriniň gatnaşmagynda taýýarlanmalydygyny, sebäbi hut olaryň özleriniň öz tejribeleri we zerurlyklary meselesinde hakyky bilermenler bolup durýandyklaryny aýtdy.

Inklýuziw aragatnaşyk boýunça geçirilen maslahatlaryň dowamynda hünärmenler maýyplygy bolan adamlara mahsus bolan maglumat zerurlyklaryny öwrendiler we aragatnaşyk medeniýetiniň esasy ugurlaryny seljerdiler. Maksatnamanyň ahyrynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ruhy saglyk pudagynda aragatnaşyk boýunça gollanmasynyň tanyşdyrylyşy boldy.

ÝUNISEF-iň wekiliniň belleýşi ýaly, açyk we inklýuziw aragatnaşygy goldamak üçin umumy kabul edilen we hünär terminologiýasyny ulanmak möhümdir. Şol sebäpli ÝUNISEF-iň resmi web sahypasynda elýeter bolan umumy terminologiýa sözlügi işlenip düzüldi, bu bolsa žurnalistlere we mazmun döredijilere talaba laýyk makalalary taýýarlamakda hemişe ygtybarly gollanmany gol astynda saklamaga mümkinçilik berýär.

Guramaçylar inklýuziw aragatnaşyk baş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagynyň we tassyklanan sözlüklere ýüzlenmegiň, her bir adamyň zyýanly ýazgaryşlardan we tarapkeşlikden erkinlikde, jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşyjy hökmünde kabul edilýän jemgyýeti döretmek üçin zerur ädimdigini bellediler.