Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň sanly binýady döredilýär
04 Iýul 2026
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň sanly binýady döredilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek hem-de olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, degişli maksatnama laýyklykda, şu ýylyň ýaz möwsüminde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag we rejeleýiş işleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak arkaly, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleriniň sanly binýadyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň arasynda taryhy mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen, Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde we «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýörite ylmy-usulyýet okuw maslahatlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda baý medeni mirasymyzy gorap saklamaga, dikeltmäge we wagyz etmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek hem-de ýaş nesliň arasynda medeni gymmatlyklarymyzy giňden düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.