Türkmenistan we Täjigistan täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlediler
08 Iýul 2026
Türkmenistan we Täjigistan täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlediler

Duşenbe şäherinde 7-nji iýulda Türkmen-täjik işewürlik geňeşiniň ikinji mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Farhodşoh Rahmonalizodanyň başlyklyk etmeginde geçen bu möhüm duşuşyga Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekillerinden hem-de öňdebaryjy kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan 35-den gowrak ygtyýarly wekiller gatnaşdy.

Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdаr Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Rahmonyň arasynda gazanylan ýokary derejedäki ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy. Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň alyp barýan paýhasly we uzak geljegi nazarlaýan syýasaty netijesinde, türkmen-täjik dostlukly we ykdysady gatnaşyklary täze ýokary hil derejä çykdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwdanyň ösüş depgininiň ýokarydygyny aýratyn nygtap, şol bir wagtda haryt dolanyşygynyň möçberini we görnüşlerini has-da artdyrmak üçin entek ulanylmadyk ägirt uly kuwwatyň bardygyna ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy öz çykyşynda ýurdumyzyň işewürler töwerekleriniň hyzmatdaşlygy giňeltmäge we Işewürlik geňeşiniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga doly taýýardygyny mälim etdi. Öz gezeginde, Türkmenistanyň iri senagat, himiýa we logistika kärhanalarynyň täjik telekeçileri bilen göni gatnaşyklary berkitmäge hem-de Täjigistanyň çäginde bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri aýratyn bellenildi.

Mundan başga-da, mejlisiň çäklerinde guralan pudaklaýyn tanyşdyryşlaryň üsti bilen, türkmen tarapy gatnaşyjylara Türkmenistanyň ägirt uly ulag, logistika we maýa goýum kuwwatyny giňişleýin tanyşdyrdy. Täjigistanyň wekilleri hem öz gezeginde ýurduň erkin ykdysady zolaklarynda döredilen ýeňillikler, maýa goýum gurşawy we syýahatçylyk pudagynyň mümkinçilikleri barada çykyş etdiler. Geňeşiň çäklerindäki çäreler iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky göni gepleşikler bilen dowam edýär.