Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynda ilçi Batyr Rejepowyň Gazagystanyň Atçylyk sporty Federasiýasynyň Prezidenti Rustam Baýalyýew bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatik duşuşygyň dowamynda ahalteke atlarynyň dünýä derejesindäki meşhurlygyny has-da dabaralandyrmak baradaky meselelere seredildi. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.
Ilçi Rustam Baýalyýewe 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşigi we atly sport boýunça dünýä çempionatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin çakylyk hatyny gowşurdy.
Maslahatyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda atçylyk sportuny ösdürmek, milli atçylyk däplerini gorap saklamak hem-de olary halkara giňişliginde wagyz etmek boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de duşuşykda bilelikde guraljak medeni çäreleriň geljegi we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler türkmen halkynyň milli buýsanjy we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolan ahalteke atlarynyň özboluşly aýratynlyklaryna aýratyn üns çekdiler. Atçylyk sportunyň we atşynaslyk sungatynyň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky taryhy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmekde köpri bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar iki döwletiň degişli guramalarynyň arasynda yzygiderli tejribe alyşmagy we gatnaşyklary täze derejä çykarmagy ylalaşdylar.