Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ştab-kwartirasynda 2027-nji ýyl üçin daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky köp drejeli maslahatlaşmalaryň Meýilnamasynyň taslamasy boýunça hünärmenler toparynyň mejlisi geçirildi. 22-nji iýulda geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Gepleşikleriň barşynda hünärmenler hödürlenen resminamanyň taslamasyna giňişleýin seredip, umumy ylalaşyk gazandylar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Arkalaşyga agza döwletleriň wekilleriniň daşary işler ministrler geňeşi tarapyndan tassyklanýan degişli derejede maslahatlara gatnaşmagynyň möhümdigini nygtadylar. Ýygnanalar resminamanyň üstünde işlemegi dowam etdirmek barada karara gelip, nobatdaky mejlisi 19-njy awgustda geçirmegi meýilleşdirdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça taslamany mundan beýläk-de işläp düzmek üçin degişli resminamalary oňa dahylly döwletlere ugradyldy.
Yzygiderli geçirilýän bu diplomatiýa duşuşyklary Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda barha uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyz 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesini üstünlikli berjaý edip gelýär. Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki esasy Konsepsiýa agza döwletleriň ulag-logistika we energetika baglanyşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Bellemeli zat, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň esasy Sammitini 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek göz öňünde tutulýar.