Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara strategik hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak boýunça esasy başlangyçlary öňe sürdüler.
25-nji iýulda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bäsdeşlige ukyply eksport önümlerini öndürmek üçin bilelikdäki kärhanalary we tehnologik merkezleri döretmegi göz öňünde tutýan «Senagat-tehnologik guşaklygy» taslamasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi. Şeýle-de «Gündogar – Günbatar» üstaşyr geçelgesiniň çäklerinde iki döwletiň serhedinde ulag-logistika merkezini gurmagyň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bellenen ugurlary netijeli durmuşa geçirmek we hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak üçin «Türkmenistan – Özbegistan» Ýokary geňeşini döretmek teklip edildi.