Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty «Miras» çärýekleýin ylmy-populýar žurnalynyň nobatdaky sanyny türkmen, rus we iňlis dillerinde çapdan çykardy. Žurnal türkmen halkynyň taryhy açyşlary, medeniýeti, dili we ruhy mirasy barada makalalary öz içine alýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Žurnalyň ilkinji sahypalarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyklar we ýatlama günleri mynasybetli gutlaglary ýerleşdirilipdir. «Täze ylmy açyşlar» sahypasynda gündogar golýazma çeşmelerinde bedew mowzugynyň öwrenilişine bagyşlanan eserler, şeýle hem german alymy D.Meslere degişli Parfiýa döwründe atlaryň nyşan aňladyşy baradaky barlagy we Türkmenistanyň çäginde ýüze çykarylan arheologiýa tapyndylary barada makalalar çap edilipdir.
Mundan başga-da, degişli sanda filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Wasykiwiň (Ukraina) «Görogly» eposynyň ähli adamzat üçin gymmatlygy barada makalasy, Magtymgulynyň Durdy şahyr bilen döredijilik gatnaşyklary baradaky seljermeler, şeýle hem türkmen-rus edebi gatnaşyklarynyň taryhyna degişli maglumatlar ýerleşdirilipdir. Žurnalyň soňunda bolsa yzygiderli «Ylmy we medeni durmuşyň ýyl ýazgysy» sahypasy jemleýär.