Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
31 Iýul 2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 30-njy iýulda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi we energetika, ekologiýa, ylym-bilim, durnukly ösüş hem-de üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti aýratyn bellenildi.

Duşuşykda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara dialogynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Ilçi Beata Peksa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, kanunyň hökmürowanlygyny, adam hukuklaryny, gender deňligini, daşky gurşawy goramagy we sanly ulgamy ösdürmek boýunça alyp barýan köptaraplaýyn işlerine ýokary baha berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowa ilçä Ýewropa Bileleşigi bilen özara dostluk köprüsini berkitmekde hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda goşan saldamly goşandy üçin hoşallyk bildirdi we oňa geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.