Aşgabada BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň wekiliýeti geldi
06 Awgust 2026
Aşgabada BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň wekiliýeti geldi

Aşgabada Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Arap atlary jemgyýetiniň (EAHS) baş direktory Mohamed Ahmed Musleh Al Harbiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topary geldi. Myhmanlary «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmet Berdiýew garşylady. Sapar atçylyk pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, ahalteke hem-de arap bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde öňdebaryjy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Myhmanlaryň türkmen paýtagtyndaky ilkinji gününiň maksatnamasy many-mazmuna baý boldy. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde resmi gepleşikler geçirilenden soň, wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Döwlet muzeýine baryp, ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Günüň esasy wakasy Aşgabat atçylyk-sport toplumyna edilen sapar boldy. Toplumda myhmanlara saýlama ahalteke bedewleri görkezildi. BAE-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen atçylyk mekdebiniň özboluşlylygyny nygtady we bu strategik taýdan ähmiýetli ugurda hünär tejribesini alyşmagyň ähmiýetini belledi.

Saparyň dowamynda wekiliýet sebitde ilkinji «akylly şäher» bolan Arkadaga baryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Ylmy-önümçilik merkeziniň işi bilen tanşar. Maksatnamanyň aýratyn bölegi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Görogly adyndaky sirkde görkezjek çykyşyna tomaşa etmek bolar. Sapar 7-nji awgustda tamamlanar. Ol iki döwletiň atçylyk hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky uzak möhletli ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek üçin esas goýar.

Блиц: BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Mohamed Ahmed Musleh Al Harbiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Aşgabada geldi we «akylly şäher» Arkadaga hem barar.