Eýranda Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
12 Awgust 2026
Eýranda Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

11-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.

Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak guramasynyň ýolbaşçysy Şina Ansari, Daşary işler ministrliginiň ýokary wezipeli wekilleri, Mejlisiniň deputatlary, Tähranda akkreditirlenen Hazarýaka döwletleriniň Ilçileri, şeýle hem Gülüstan we Gilan welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gorap saklamak bilen bagly möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

Çärede çykyş eden Türkmenistanyň ilçisi Hazar deňzi bilen bagly meseleleriň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Türkmenistanyň Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň arasynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar deňziniň ekologik meselelerine bagyşlanan döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna aýratyn üns berildi.

Bu duşuşygyň «Awazada» geçirilmeginiň öz wagtynda öňe sürlen möhüm başlangyç bolup, daşky gurşaw howpsuzlygyny üpjün etmek we Hazar sebitiniň durnukly ösüşini gazanmak boýunça häzirki döwrüň möhüm wezipelerine laýyk gelýändigi bellenildi. Duşuşygyň Hazar deňzini gorap saklamak we onuň tebigy mümkinçiliklerinden rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleleri konstruktiw ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Çäräniň ahyrynda bu möhüm halkara duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirildi.