Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 14-nji awgustda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Garaşsyz Özbegistan: 35 ýyllyk ösüş ýoly, özgertmeler, gazanylan netijeler we geljekki mümkinçilikler» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar. Maslahat döwlet ösüşi, ykdysady özgertmeler, durmuş syýasaty we ekologiýa ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin halkara bilermenleri, alymlary we parlament wekillerini bir ýere jemledi. Çäräniň maksatnamasy umumy mejlisden hem-de dürli ugurlara bagyşlanan mowzuklaýyn bölümlerden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman parlamentleriniň ykdysady ösüşi goldamakdaky orny, maýa goýumlary çekmek, inklýuziw ykdysadyýeti ösdürmek, adam maýasyny güýçlendirmek we durmuş syýasatyny kämilleşdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ekologiýa durnuklylygy, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we Aral deňzi sebitiniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çykyşlar diňlenildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri çykyşlarynda ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, zähmet we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak, bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.
Halkara maslahatyň jemleýji mejlisinde bölümlerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça teklipler hödürlenildi. Gatnaşyjylar şeýle çäreleriň döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, özara ynanyşmagy ösdürmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.