Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
21 Awgust 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 20-nji awgustda ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanyna Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň salamyny ýetirip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň daşary syýasatda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň taryhy köklere we özara hormat goýmaga esaslanýan strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi. Duşuşykda taraplaryň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, BMG, GDA, ÝHG we «Merkezi Aziýa +» ýaly halkara formatlaryň çäklerinde hem parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary yzygiderli goldaýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Awazada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçilip, bilelikdäki hökümetara toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň bardygyny bildirdi.

Mundan başga-da, taraplar köpasyrlyk dost-doganlyga we umumy ruhy gymmatlyklara esaslanýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljekde hem özara çäreleri guramak arkaly netijeli ösdüriljekdigini nygtadylar. Söhbetdeşligiň soňunda taraplar iki halkyň bähbidine gabat gelýän dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.