"Köpetdag" döwlet tebigy goraghanasynyň 50 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
24 Awgust 2026
"Köpetdag" döwlet tebigy goraghanasynyň 50 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

"Köpetdag" döwlet tebigy goraghanasynyň edara binasynda 19-njy awgustda bu goraghananyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli «Köpetdagyň tebigy gözellikleri» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaranyň çäginde tebigatymyzy gorap saklamakda zähmet çekýän goraghana işgärlerine Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Maslahat Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guramaçylykly geçirildi. Çäre Agrar partiýasynyň, Demokratik partiýanyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň wekilleriniň, alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirildi.

Maslahatyň dowamynda goraghananyň 50 ýyllyk taryhynda dag ekoulgamyny we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda alnyp barylan ylmy-barlag işleri, meýdan saparlary hem-de ekologiýa syýasatynyň gazananlary barada çykyşlar edildi. Şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen tebigy goraghanalar hem-de «Köýtendagyň karstlary, kanýonlary we gowaklary» atly serhetüsti tebigy desgany bu sanawa goşmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi.

Maslahatda goraghananyň çäginde ýazgy edilen wideoşekiller, hereket duýujy kameralar arkaly alnan alajagaplaňyň, dag tekeleriniň, dag goçlarynyň we dürli guşlaryň täsin suratlary hem-de wideoýazgylary görkezildi. Çärede çykyş edenler Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde we arassa gurşawy saklamakda döredilýän mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza sagbolsun aýtdylar.