Serdar Berdimuhamedow
07 Sentýabr 2026
Serdar Berdimuhamedow

Türkmeniň buýsanjy


Beýik taryh — beýik geljege binýat,
Bu bir röwşen ykbalydyr türkmeniň.
Geçmişe buýsançdyr, şu güne şöhrat,
Bedew ruhy ahwalydyr türkmeniň.


Jümle-jahan gözelligi görkünde,
Alys-alys ýollar onuň erkinde,
At myratdyr, at ganatdyr türkmende,
Ol kämillik kemalydyr türkmeniň.


Niçik gudrat eneleriň yhlasy,
Göýä güller açan köňül sährasy,
Nepis haly — eýýamlaryň mirasy,
Şanly ömür beýanydyr türkmeniň.


Mydam goraga sak, hüşgär hem düşbi,
Wepaly alabaý — dostlugyň keşbi,
Asyrlaryň uzak menzilin geçdi,
Hemişelik hemrasydyr türkmeniň.


Owazasy ýedi yklyma ýaýran,
Beýik sungatyna giň dünýä haýran,
Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,
Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň.