Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi
24 Oktýabr 2026
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini belläp, ýurdumyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmek üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine bolsa täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi