Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidow 5-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrunda döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi bilen baglylykda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli medeni çäreler geçirildi. Olaryň hatarynda GDA ýurtlarynyň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy, «Tatar gyzy — 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, telewideniýe we kino sungatyna bagyşlanan metbugat maslahaty, «Bedew bady: güýç hem gözellik» döwletara telewizion filmleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we sungat ussatlarynyň konserti bar.
Şeýle hem halkara medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Ene — tebigat» atly halkara sergi, Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolsa «Ajaýyp Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi» atly sergi açyldy.
Ýurdumyzda döredijilik toparlarynyň, mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň halkara festiwallara gatnaşmagy hem netijeli boldy. Türkmen wekilleri Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalynda, GDA ýurtlarynyň ýaşlar Delfi oýunlarynda, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň teatr festiwalynda we beýleki halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe boldular. Türkmenistanyň sungat ussatlary Gazagystan Respublikasynyň II derejeli «Dostluk» ordeni bilen hem sylaglanyldy.
Mejlisiň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň alyp baran işleri barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, milli medeni mirasy giňden wagyz etmegiň, taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek we gorap saklamak boýunça işleri döwrebap derejede dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.